Finlýandiýa rus raýatlaryna berýän wizalarynyň sanyny azaldar
Finlýandiýa Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweş sebäpli, rus raýatlaryna berýän wizalarynyň sanyny 90 göterim azaltjakdygyny habar berdi

"Politiko"-da berilen habarlara görä, ýurduň Daşary işler ministri Pekka Haawisto, ýurdunyň sentýabr aýyndan başlap rus syýahatçylaryň wiza ýüz tutmalarynyň diňe 10 göterimini kabul etjekdigini mälim etdi.
Şol karar bilen rus raýatlary tarapyndan Finlýandiýada syýahat etmek üçin tututlan takmynan gündelik 1000 ýüz tutmanyň diňe 100-sine wiza berilmegine garaşylýar.
Metbugat işgärleri, oppozisionerler we aktiwistler ýaly käbir toparlara wiza babatynda kadadan daşary ýeňillik döredilip bilinjekdigi pikir edilýär, Pekka Haawisto ministrligiň karary babatynda Içeri işler ministrligi bilen hem maslahatlaşjakdygyny habar berdi.
Çehiýa Respublikasy, Latwiýa, Litwa, Estoniýa we Polşa Russiýa garşy basyşyny artdyrmak maksady bilen rus raýatlaryna wiza bermegi bes etdi, Germaniýa bolsa şol gollanmany ýerine ýetirmegi ret edýär.
Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols düýn geçiren metbugat ýygnagynda, Russiýa syýahat gadagançylygynyň maksat edinilen sanksiýalara ýaramaz täsir ýetirýändigini belläp: "Bu rus halkynyň söweşi däl, Putiniň söweşi" diýip beýan edipdi.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.
Degişli Habarlar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy