Eýran: "ABŞ bilen zamun çalşygyna taýardyrys" diýdi

Eýran ABŞ bilen zamun çalşygyna taýardyklaryny habar berdi

1869173
Eýran: "ABŞ bilen zamun çalşygyna taýardyrys" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasyr Kenani, metbugat işgärleriniň ABŞ bilen zamun çalşygy bilen bagly soraglaryna jogap berdi. 

Kenani: "Eýran ýadro ylalaşygyndan garaşsyz ýagdaýda, biri-birinden tapawutly kanallaryň üsti bilen ABŞ-na zamun meselesi bilen gyzyklanmaga taýardygyny eýýäm ençeme gezek aýtdy" diýip habar berdi. 

Eýranly zamunlaryň ABŞ-nyň hakykata bap gelmeýän öňe sürmeleri bilen tussag edilendigini öňe süren Kenani: "ABŞ-nyň adalat ulgamynyň gurbany bolan eýranly zamunlar iň gysga wagtda azat edilmelidiriler we maşgalalaryna gaýdyp barmalydyrlar" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #zamun , #Eýran , #ABŞ

Degişli Habarlar