"Ýurdumyz çürt-kesik terrory goldamaýar, resmiler her gün terrora garşy göreş üçin iş alyp barýar"

Finlýandiýanyň Goranmak ministri Antti Kaýkkonen ýurdunyň çürt-kesik terrory goldamaýandygyny, resmileriniň her gün terrora garşy göreş üçin iş alyp barýandygyny habar berdi

1868272
"Ýurdumyz çürt-kesik terrory goldamaýar, resmiler her gün terrora garşy göreş üçin iş alyp barýar"

YLE telewideniýe kanalynyň berýän habaryna görä, Finlýandiýanyň Goranmak ministri Antti Kaýkkonen 240-njy Milli Goranmak programmasynda eden çykyşynda, NATO bilen doly ýagdaýda sazlaşyk içindediklerini mälim etdi. 

Antti Kaýkkonen: "NATO-nyň agzalyk kriteriýalaryny ýerine ýetirdik" diýip belläp, NATO agza 30 ýurduň 23-siniň Finlýandiýanyň agzalygyny tassyklandygyny, beýleki 7 ýurduň bolsa parlamentleriniň kararlaryna garaşýandyklaryny ýatlatdy. 

Şol 7 ýurduň arasynda Türkiýäniň hem bardygyny aýdan Finlýandiýanyň Goranmak ministri Antti Kaýkkonen, Türkiýäniň howpsuzlyk aladalaryna ähmiýet berýändiklerini beýan etdi. 

Antti Kaýkkonen: "Finlýandiýa terrory goldamaýar. Çürt-kesik goldamaýar. Resmilerimiz terrora garşy göreş üçin her gün iş alyp barýar we ony üstünlikli ýagdaýda alyp barýandyklaryny aýtmak dogry bolar" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #terror , #NATO , #Finlýandiýa

Degişli Habarlar