Ukraina: "Ýene-de 10 gämä galla ýüklenmegi meýilleşdirilýär" diýdi
Ukrainanyň Infrastruktura ministriniň orunbasary Ýuriý Waskow, şu aýyň ahyryna çenli ýene-de azyndan 10 gämä galla ýüklenmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi
1868076

Ukrainanyň Infrastruktura ministriniň orunbasary Ýuriý Waskow, 14-nji awgustda agşam Odessa portyna giren "Sara" atly gämä 8 müň tonna mekgejöweniň, "Efe" atly gämä bolsa 7 müň 500 tonna ýagyň ýüklenjekdigini mälim etdi.
Häzirki wagtda Ukrainanyň portlarynda jemi 6 gämä ýüklemek işleriniň ýerine ýetirilýändigini aýdan Waskow: "Galla geçelgesiniň ilkinji 2 hepdesinde Ukrainanyň portlaryndan 16 gämi bilen, 9 ýurda takmynan 500 müň tonna Ukrainanyň galla önümlerini ýetirmek üçin ýola çykdy" diýip habar berdi.
Ukrainanyň Infrastruktura ministriniň orunbasary Ýuriý Waskow, şu aýyň ahyryna çenli ýene-de azyndan 10 gämä galla ýüklenmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.