Ýerewanda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artdy

Söwda merkezinde 14-nji awgustda bolan partlamadan soň ýangyn bolupdy.

1868430
Ýerewanda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda öňňin söwda merkezinde feýerwerk satýan dükanda bolan partlamada ýogalanlaryň sany 16 adama ýetdi.

Armenpresiň habaryna görä, Ermenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat sekretary Haýk Kostanýan, partlamada ýogalan 16 adamdan 13-niň şahsyýetiniň anyklanylandygyny aýtdy.

Kostanýan, şahsiýeti anyklananlaryň arasynda göwreli zenan bilen 1 çaganyň bardygyny belledi.

Ermenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat sekretary Haýk Kostanýan, partlamada 10 adamyň ýitendigini nygtady.

Söwda merkezinde 14-nji awgustda bolan partlamadan soň ýangyn bolupdy.



Degişli Habarlar