Pakistanda Ýolagçy Awtobusy Bilen Ýangyç Tankeri Kakyşdy

Wakada 20 adam ýogaldy, 6 adam hem ýaralandy.

1868269
Pakistanda Ýolagçy Awtobusy Bilen Ýangyç Tankeri Kakyşdy

Pakistanyň Bahawalpur şäheriniň golaýynda nebit tankeri bilen awtobusyň kakyşmagy sebäpli 20 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Lahordan Karaçi şäherine tarap barýan ýolagçy awtobusy, Bahawalpur şäheriniň golaýynda nebit tankeri bilen kakyşdy.

Wakada 20 adam ýogaldy, 6 adam hem ýaralandy.

 



Degişli Habarlar