Kuweýt 7 Ýyl Soň Tährana Ilçi Belledi
Kuweýdiň Tährandaky täze ilçisi Bedr Abdullah Al Munih, ynanç hatynyň bir nusgasyny Eýranyň Daşary işler ministrine gowşurdy
Kuweýt 7 ýyl soň Eýranyň paýtagty Tährana ilçi belledi.
Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Kuweýdiň Tährandaky täze ilçisi Bedr Abdullah Al Munih, ynanç hatynyň bir nusgasyny Eýranyň Daşary işler ministri Emir Abdullahiýana gowşurdy.
Kuweýdiň Tährandaky täze ilçisi Bedr Abdullah Al Munih bilen Eýranyň Daşary işler ministri Emir Abdullahiýan duşuşykda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.
Saud Arabystanynyň 2016-njy ýylda şaýy din adamy Nimr An Nimri bilen birlikde 47 adamy “terror” sebäpli asyp öldürmegine Eýranda uly garşylyk görkezilipdi. Ýurtda protest ýörişleri geçirildi we Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasyna we Maşat şäherindäki konsullygyna hüjüm edilipdi.
Başdan geçirlen wakalar sebäpli Saud Arabystany, Bahreýin we Sudan, Eýran bilen edýän diplomatik gatnaşyklaryny kesipdi.
Birleşen Arap Emirlikleri bolsa gatnaşyklaryny geňeşçi ilçi derejesinde dowam etdiripdi.
Kuweýt hem Eýrandaky ilçisini yzyna çagyrypdy.
Degişli Habarlar
Bangladeş Hindistandaky konsullygyna guralan hüjümi ýazgarýar
Bangladeşiň Daşary işler ministri, güňäkärleriň hasabat bermegini isledi.