Krymdaky ammaryň sabotažyň netijesinde partlandygy mälim edildi

Russiýanyň bikanun ýagdaýda anneksiýa eden Krymyň Janköý sebitindäki harby ammaryň sabotažyň netijesinde partlandygy mälim edildi

1868667
Krymdaky ammaryň sabotažyň netijesinde partlandygy mälim edildi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Janköý ýaşaýyş ýeriniň golaýyndaky harby ammara sabotažyň netijesinde zyýan ýetdi. Wakada raýat infrastrukturalaryna, elektrik tok desgasyna, demir ýollara we raýatlaryň ýaşaýan öýlerine zyýan ýetdi" diýip habar berildi. 

Beýanatda sabotažyň netijeleriniň ortadan aýrylmagy üçin gerek bolan çäreleriň görülendigi aýan edildi. 

Mundan başgada wakada 2 adamyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden ozal berilen beýanatda Krymyň Janköý sebitiniň Maýskoýe obasynyň golaýynda ýerleşýän harby birikmä degişli ok-däri ammaryň ýüze çykan ýangynyň netijesinde partlandygy beýan edilipdi. 


Etiketkalar: #partlama , #ammar , #Russiýa

Degişli Habarlar