Ermenistanda bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy

Partlamadan soň ýangynyň başlandygy we ýumrulan binanyň aşagynda adamlaryň galandygy habar berildi

1867620
Ermenistanda bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy

Ermenistanyň paýtagty Ýeriwan şäherindäki söwda merkezleriniň birinde, feýerwerkleriň satylýan dükanda bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 1 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy. 

Partlamadan soň ýangynyň başlandygy we ýumrulan binanyň aşagynda adamlaryň galandygy habar berildi. 

Ýeriwan şäheriniň häkimliginiň metbugat sekretary Lewon Sardarýan halas ediş toparlaryň ýumrulan binanyň aşagynda galan adamlary halas etmek üçin iş alyp barýandyklary mälim edildi. 

Wakanyň başdan geçirilýän ýerinden çykýan tüsse uzakdan hem görülýändigi beýan edildi. 

"Surmalu" atly söwda merkezi Ýeriwanyň takmynan 2 km günortasynda ýerleşýär.



Degişli Habarlar