Google Awstraliýada 58,4 Million Dollar Jerime Tölär

Awstraliýanyň Federal kazyýeti şahsy lokalizasiýa maglumatlarynyň toplanmagy sebäpli “Google” 58,4 million dollar jerime saldy.

1867280
Google Awstraliýada 58,4 Million Dollar Jerime Tölär

“Asia One-niň” habar bermegine görä Awstraliýanyň bäsleşik we sarp edijiler geňeşiniň beren maglumatynda kazyýetiň “Google-niň” 2017-nji ýylyň ýanwary bilen 2018-nji ýylyň dekabry aralygynda “Andoris” öýjükli enjamlar arkaly toplanan şahsy lokalizasiýa maglumatlary hakynda käbir müşderileriň ýalňş ugrukdyrylandygyny anyklandygy beýan edildi.

Awstrliýada 1,3 million “Google” ulanyjysynyn zyýan çekendigini çak edýän Geňeş, 2019-njy ýylyň oktýabrynda “Google” we firmanyň ýerli şahamçasyna garşy jenaýat işini gozgady.

Federal kazyýetiň şahsy lokalizasiýa maglumatlarynyň toplanmağy sebäpli “Google” 58,4 million dollar jerime salandygyny beýan eden Geňeş, “Google” firmasynyň degişli çäreleri görendigini habar berdi.



Degişli Habarlar