Russiýa Latwiýa Reaksiýa Bildirdi

Russiýa Latwiýanyň Parlamentiniň Russiýany “terrrizme goldaw berýän döwlet” hökmünde kesgitlemek hakyndaky kararynyň halkara hukuga bap gelmeýändigini beýan etdi.

1867130
Russiýa Latwiýa Reaksiýa Bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada düýn Latwiýanyn Parlamentiniň agzalarynyň Russiýany “terrorizme goldaw berýän döwlet” hökmünde kabul edendigini ýatladylýar.

Onuň “meçew beriji” karardygyna üns çekilýän beýannamada; “Latwiýanyň Parlamentiniň bu başlangyjy, bar bolan halkara hukuk kadalaryna bap gelmeýär we BMG-niň düzgünnamasynyň 2-nji maddasyndaky döwletleriň özygtyýarly deňligi hakyndaky kadany bozýar” diýilýär.

Beýannamada; “Latwiýanyň hökümetiniň Russiýa garşy syýasat alyp barýandygy, nasizmi goldaýandygy we öz raýatlaryny hakynatutma söweşiji hökmünde Ukraina ugratmagy höweslendirýändigi” nygtalyp; “Latwiýanyň halk deputatlary meçew beriji aksiýalaryny bes etmeli, ýurduň we raýatlaryň bähbitlerine gönügip, haýsy halk tarapyndan saýlanandyklaryny ýada salsynlar” diýilýär.



Degişli Habarlar