Balkan Ýurtlarynda Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany Artdy

Balkan ýurtlarynda täze görüş koronawirusa ýoluganlaryň we epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany artmaga başlady.

1866853
Balkan Ýurtlarynda Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany Artdy

Serbiýany, Sloweniýany, Horwatiýany, Garadagy we Bosniýa-Gersegowinany öz içine alýan Balkan ýurtlarynda täze görüş koronawirusa ýoluganlaryň we epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany artmaga başlady.

Serbiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, soňky 24 sagatda 7 müň 61 adama koronawirusyň ýokaşandygynyň anyklanandygy nygtady.

Serbiýada soňky 1 günde 14 adam hem Kovid-19 sebäpli ýogaldy.

Sloweniýada soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli 1614 adam hasaba alyndy, 6 adam hem epidemiýa sebäpli ýogaldy.

Horwatiýada koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany soňky 24 sagatda 1583 adama, ýogalanlaryň sany 15 adama ýetdi.

Garadagda epidemiýa sebäpli soňky 1 günde 789 adam hasaba alyndy.

Bosniýa-Gersegowinada bolsa Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 6, hasaba alynanlaryň sany 555 adama ýetdi.



Degişli Habarlar