Ýewropa Bileleşigi Russiýadan kömür importyny bes etdi

Ýewropa Bileleşiginiň Russiýadan kömür importyna gadagançylyk girizmek bilen bagly karar şu gün güýje girdi

1866099
Ýewropa Bileleşigi Russiýadan kömür importyny bes etdi

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň aprel aýynda kabul eden, Russiýadan kömür importyna gadagançylyk girizmek bilen bagly sanksiýa bukjasy, geçiş tapgyrynyň tamamlanmagy bilen durmuşa geçirilmäge başlandy. 

Şeýlelik bilen ýylda 8 milliard ýewro ýetýän Russiýa önümi bolan ýa-da Russiýadan eksport edilýän kömür we beýleki gazylyp alynýan ýangyçlaryň satyn alynmagy, import edilmegi ýa-da Ýewropa Bileleşigine getirilmegi gadagan edildi. 

Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy energetika ugrundaky sanksiýalaryň ilkinjisi kömüriň alynmagyna gadagançylyk girizilmegidi. 

Russiýadan nebit importyna gadagançylyk girizmek bilen bagly kararyň bolsa dekabr aýynda güýje girmegine garaşylýar. 

Russiýa Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara iň köp kömür ugradýan ýurt ýagdaýyndady. 

Russiýa kömür eksportynyň takmynan 25 göterimini Ýewropa ýurtlaryna amala aşyrýardy. 

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bolsa kömür importynyň 45 göterimini, elektrik önümçiligine ulanylýan kömüriň bolsa 70 göterimini Russiýadan satyn alýardy. 

Russiýanyň Energetika ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä, Russiýa 2021-nji ýylda ÝB-ne agza ýurtlara 48,7 million tonna kömür satdy. 



Degişli Habarlar