Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainanyň Dnepr sebitinde Ukrainanyň goşunyna degişli Mi-24 kysymly dikuçaryny od açyp ýere gaçyrandyklaryny habar berdi

1866747
Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Russiýanyň harby güýçleriniň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşindäki hereketleri barada maglumat berdi. 

Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainadaky harby desgalara garşy hüjümleriniň dowam edýändigini aýdan Konaşenkow, Ukrainanyň Bahmut we Awdeýewka şäherleri ugurlarynda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň 13-nji we 66-njy Mehanizirlenen brigdalaryna degişli esgerleriniň 50 göteriminiň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Soňky 24 sagatda 20 dolanşyk merkezi, ok-däri ammary bilen S-300 howa goranyş ulgamynyň ýerleşişini kesgitleýän ulgamyň ýok edilendigini aýdan Konaşenkow: ""Dnepr sebitindäki Nikipol şäheriniň golaýynda Mi-24 kysymly dikuçar Russiýanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan ýok edildi. Soňky 24 sagatda 7 sany uçarmansyz howa ulagy ýok edildi  diýip aýan etdi. 

Konaşenkow: "Ukrainada şu günki güne çenli 267 uçar, 146 dikuçar, 1727 uçarmansyz howa ulagy, 365 howa goranyş raketa ulgamy, 4 müň 287 taňk we sowutly ulag, 797 köp nilli raketa ulgamy, 3 müň 290 gaubisa we minomýot we 4 müň 820 ýörite harby awtoulag ýok edildi" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar