Eýranda 62 adam holera keseli bilen keselledi

Eýranda 62 adamyň holera (Mergi) keseline ýolugandygy mälim edildi

1866107
Eýranda 62 adam holera keseli bilen keselledi

Eýranyň döwlet telewideniýesine degişli Ýaş Žurnalistler klubyna beýannama beren Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk we suw arkaly ýokýan Ýokanç keseller bölüminiň başlygy Merýem Mesudifer, häzirki wagta çenli Eýranda 62 adamda holera (mergi) keseliniň anyklanandygyny habar berdi. 

Wakalaryň ählisiniň diýen ýaly ýurduň günbataryndaky welaýatlarda anyklanandygyny aýdan Mesudifer, kesellän adamlaryň ýarsynyň goňşy ýurtlara syýahat edenlerinden soň ýolugandyklaryny mälim etdi. 

Mesudifer, ülkede häzirki wagta çenli holera sebäpli adam ýitgisiniň çekilmändigini aýan etdi. 

Soňky wagtlarda Yragyň demiragzygyndaky Erbil, Süleýmaniýe we Kerkük şäherlerinde holera keseli hasaba alynmaga başlandy, 21-nji iýunda bolsa Kerkükde 1 adamyň holera sebäpli ýogalandygy beýan edildi. 


Etiketkalar: #holera , #Yrak , #Eýran

Degişli Habarlar