ABŞ-da bolan partlamada üç adam ýogaldy

ABŞ-nyň Indiana ştatynyň Ewanswill şäherindäki öýleriň birinde bolan partlamada 3 adam ýogaldy

1866367
ABŞ-da bolan partlamada üç adam ýogaldy

Ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi Maýk Konnelli sebäbi entek anyklanmadyk partlama sebäpli takmynan 40 öýe zeper ýetendigini mälim etdi. 

Maýk Konnelli partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 3 adamyň ýogalandygyny belläp, şol sanyň artp biljekdigini habar berdi. 

Zeper ýeten binalara girmezlik barada duýduryş berildi, partlama bilen baglanşykly bolsa derňew işiniň başladylandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #partlama , #ABŞ

Degişli Habarlar