Rus Nebiti Şu Gün Ukrainadan Üstaşyr Ýewropa Eksport Edilmäge Başlanar

Demin, Družba liniýasyndan şu gün nebit eksportunyň ýaňadandan başlajakdygyny nygtady.

1866210
Rus Nebiti Şu Gün Ukrainadan Üstaşyr Ýewropa Eksport Edilmäge Başlanar

Rus nebitiniň Ukrainadan üstaşyr şu gün Ýewropa ýurtlaryna ýaňadandan eksport edilmäge başlanjakdygy habar berildi.

Transneftiň başlygynyň kömekçisi İgor Demin, rus habarlar gullugy RİA Nowosta beren beýannamasynda, Ukrainadan üstaşyr nebit eksportuna ýaňadandan başlanmagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Demin, Družba liniýasyndan şu gün nebit eksportunyň ýaňadandan başlajakdygyny nygtady.

Transneftden düýn berlen beýannamada, degişli töleg tölenmändigi sebäpli Ukrainanyň rus nebitiniň üstaşyr eksport edilmegini 4-nji awgustda saklandygyny habar beripdi.

 


Etiketkalar: #eksport , #Russiýa , #nebit , #üstaşyr

Degişli Habarlar