Rus güýçleri tarapyndan Ukrainanyň Zaparožýe welaýatyna raketaly hüjümler guraldy

Ukrainanyň Zaparožýe welaýatynyň Kuşugum obasyna Russiýanyň goşuny tarapyndan raketalar bilen guralan hüjümlerde 1 adam ýogaldy

1866201
Rus güýçleri tarapyndan Ukrainanyň Zaparožýe welaýatyna raketaly hüjümler guraldy

Russiýa-Ukraina söweşiniň dowam edýän Ukrainanyň Kuşugum obasyna, şu gün irden Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan atylan 4 aýry raketa sebäpli 1 zenan ýogaldy. 

Raketaly hüjümler sebäpli obadaky öýleriň käbirleri ýumruldy, partlamalaryň netijesinde ekin meýdanlarynda emele gelen uly çukurlar ünsleri özüne çekdi. 

Obada rus güýçleri tarapyndan atylan raketalar sebäpli zyýan ýeten öýleriň biriniň eýesi 50 ýaşyndaky Lýuba Belowodenko, düýn gije hüjümleriň guralandygyny habar berdi. 

Lýuba Belowodenko, howlusyna degen raketa sebäpli ýaşaýan öýleriniň bir böleginiň ýumrulandygyny, howlularynda birnäçe metr çuňlukda çukuryň emele gelendigini belläp: "Hüjüm guralan mahaly öýümde oglum bilen bilelikdedim. Oglum autizmlidir" diýip beýan etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar