Kataryň we Müsüriň Liderleri Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Kataryň Emiri Al Sani bilen Müsüriň Prezidenti Sisi telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1865926
Kataryň we Müsüriň Liderleri Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi bilen Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolan Gaza hakynda pikir alyşdy.

Katar tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Kataryň Emiri Al Sani bilen Müsüriň Prezidenti Sisi telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşykalryň we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalaryň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Ysraýyl, hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi bahanasy bilen 5-nji awgustda anna güni Gazada, Yslamy Jihada degişli ýerleri nyşana alandygyny öňe sürüpdi.

Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 14-i çaga, 4-i zenan 44 adam ýogalypdy.

Ysraýyl tarapynda bolsa hiç hili adam pidasy çekilmedi.

Taraplaryň arasynda hüjümleriň bes edilmegi üçin 7-nji awgustda ylalaşyk gazanylypdy.

 

 



Degişli Habarlar