Fransiýada polisiýa işgäriniň od açan pyçakly adam ýogaldy

Fransiýanyň ýurduň paýtagty Pariž şäheriniň golaýyndaky Ruassi-Şarl-de-Goll howa menzilinde, polisiýa işgäriniň od açan pyçakly bir adamyň ýogalandygy mälim edildi

1866047
Fransiýada polisiýa işgäriniň od açan pyçakly adam ýogaldy

Parižiň Içeri işler müdürliginden berilen beýanatda, polisiýa işgärleriniň şu gün irden Ruassi-Şarl-de-Goll howa menzilinde pyçakly bir adamy täsirsiz ýagdaýa getirendigi habar berildi. 

Milli metbugatda berilen habarlara görä, howa menziliniň 2F terminalinda başdan geçirilen wakada, polisiýa işgäriniň elinde pyçak bolan bir adama pyçagyny ýere goýmak barada ençeme gezek duýduryş berendigi aýan edildi. 

Pyçakly adamyň berilen duýduryşlara gulak asmandygy we polisiýa işgäriniň onuň üstüne gelen mahaly od açylmagy netijesinde ýogalandygy habar berildi. 

Fransiýanyň metbugaty ýogalan adamyň öýsüz-öwzarsyz bolandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar