Pakistanda deputalaryň birine garşy hüjüm guraldy

Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynda deputat Malik Liýakat Al Hanyň nyşana alynyp guralan hüjümde 4 adam ýogaldy

1864657
Pakistanda deputalaryň birine garşy hüjüm guraldy

Ýurduň milli metbugatynda berilen habarlara görä, ülkäniň ozalky Premýer ministri Imran Hanyň ýolbaşçylygyndaky Pakistanyň Adalat hereket partiýasyndan Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Mejlisiniň agzasy Malik Liýakat Ali Han, Owganystana serhedi bolan Lower Dir sebitinde hüjüme sezewar boldy.  

Hüjümde deputat Hanyň jigisi, ýegeni we özüne ýoldaşlyk eden polisiýa we žandarma işgärleri ýogaldy. 

Agyr ýagdaýda ýaralanan Han bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #hüjüm , #deputat , #Pakistan

Degişli Habarlar