Makron Azerbaýjanyň Prezidenti we Ermenistanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, bu hepde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1864688
Makron Azerbaýjanyň Prezidenti we Ermenistanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ýeliseý köşgünden berilen beýanatda, Makronyň bu hepde Aliýew we Paşinýan bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş bolandygy mälim edildi. 

Beýanatda Makronyň soňky günlerde esasan hem Laçyn koridorynda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändigini aýdandygy habar berildi. 

Makronyň dartgynlygyň öňüni almak we taraplaryň arasynda gepleşikleriň dowam etmegini üpjün etmek üçin ähli zadyň edilmegi barada çagyryş berendigi bellenen beýanatda: "Makron 2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda gazanylan ylalaşygyň çäginde kabul edilen kararlara hormat goýmagynyň ähmiýetini nygtap geçdi" diýip beýan edildi. 

Beýanatda Makronyň Günorta Kawkazdaky ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýändigi aýan edildi. 

Azerbaýjanyň Prezidentliginden geçirilen telefon söhbetdeşlgi bilen bagly berilen beýanatda Aliýew, Ermenistan tarapyndan ýene-de bir harby öjükdirmäniň bolandygyny, Russiýanyň harby güýçleriniň wagtlaýyn häsýetde ýerleşdirilen Azerbaýjanyň topraklarynda edilen prowokasiýalaryň netijesinde Azerbaýjanly 1 esgeriň ýogalandygy habar berildi. 

Azerbaýjanyň goşunynyň prowokasiýanyň öňüni alandygyny aýdan Aliýew, dartgynlygyň möwjemeginiň jogapkäriniň Ermenistana degişlidigini belläp geçdi. 

Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda taryhy Üçtaraplaýyn ylalaşyk resminamasyna gol çekipdiler. 



Degişli Habarlar