Hytaý Bohaý we Sary deňizde harby türgenleşik geçirmegi meýilleşdirýär

Hytaý ýurduň demirgazygyndaky Bohaý deňizinde we Sary deňiziň günortasynda hakyky ok-däriler bilen harby türgenleşik geçirjekdigini mälim etdi

1864652
Hytaý Bohaý we Sary deňizde harby türgenleşik geçirmegi meýilleşdirýär

Hytaýyň Deňiz howpsuzlyk gullugyndan berilen beýanatda, ýurduň paýtagty Pekin şäheriniň golaýyndaky Bohaý deňizinde 8-nji awgust-8-nji sentýabr aralygynda, Sary deňizde bolsa 7-15-nji awgust aralygynda geçiriljek harby türgenleşikler sebäpli gämi gatnawlaryna ýapyk boljakdygy habar berildi. 

Pekin şäheriniň takmynan 300 km günorta-gündogaryndaky Bohaý deňizi, demirgazygynda Liaodong we günortasynda Jiadong ýarymadalarynyň aralygynda we Sary deňiz aýlagynyň çäklerinde ýerleşmek bilen birlikde, içerki deňiz ýagdaýyndadyr. Sary deňiziň hem günortasynda başga bir harby türgenleşigiň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi üçin sebit gämi gatnawlaryna ýapyk bolar. 

Hytaýyň goşuny ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Nensi Pelosiniň geçen hepde Taýwana guran saparyndan soň, adanyň töweregindäki 6 aýry zolakda hakyky ok-däriler bilen harby türgenleşikler geçirmäge başlapdy. Harby türgenleşikler sebäpli käbir ýerler gämi we uçar gatnawlaryna ýapyk bolmak bilen birlikde, aýlagda howpsuzlyk aladalarynyň döremegi sebäpli saparlaryň yza süýşürilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar