Ysraýylyň Gaza Guran Hüjüminde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Hüjümde biri çaga 11 adam ýogaldy, 80 adam ýaralandy.

Ysraýylyň Gaza guran hüjüminde biri çaga 11 adam ýogaldy, 80 adam ýaralandy.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň Gaza guran hüjüminde ýogalanlaryň sanynyň artandygy nygtaldy.
Beýannamada, şu gün irden guralan hüjümlerde 1 palestinalynyň ýogalandygy, 4 adamyň hem ýaralandygy bellenildi
Beýannamada, Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza guran hüjüminde 5 ýaşyndaky çaga bilen birlikde palestinaly 11 adamyň ýogalandygy, 80 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýylyň goşuny düýn agşamara Gazada Yslamy Jihada degişli ýerlere garşy hüjüm başladypdy.
Ysraýyl hüjümde Gazada Yslamy Jihada degişli 30 ýeriň nyşana alynandygyny mälim etdi.
Ysraýylyň goşuny Gazadan Ysraýyla 60 raketanyň atylanydygyny we raketalaryň howa goranyş ulgamy arkaly täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýan etdi.
Degişli Habarlar

Galla Geçelgesi Netijeli Işleýär
Bu barasynda Ukrainanyň Infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow Twitter arkaly habarnama berdi.

Rus Goşunlarynyň Doneske Gurajak Hüjümiň Öňi Alyndy
Ukrainanyň Baş ştaby rus goşunlarynyň Doneske gurajak hüjümleriniň öňüniň alynandygyny beýan etdi.