Mişel, Aliýew we Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Mişel “Brýusselde geçiriljek liderler maslahatynyň öňüsyrasynda gepleşikleriň dowam etdirilmegi diýseň möhüm” diýdi.
ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Mişel sosial mediadan beren habarnamasynda, Aliýew we Paşinýan bilen sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda aýry aýry pikir alyşandygyny aýtdy.
Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýändiklerini aýdan Mişel “Brýusselde geçiriljek liderler maslahatynyň öňüsyrasynda gepleşikleriň dowam etdirilmegi diýseň möhüm” diýdi.
Aliýew bilen Paşinýan soňky gezek 22-nji maýda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde üçtaraplaýyn maslahatda duşuşypdy.
ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, nobatdaky maslahatyň haçan geçiriljekdigi barada bolsa maglumat bermedi.