Fransiýada Gurakçylyk Sebäpli Halka Çagyryş Edildi

Fransiýanyň Premýer-ministri Elizabet Born ýurtdaky gurakçylyk sebäpli raýatlary suwy tygşytly sarp etmäge çagyrdy.

1864298
Fransiýada Gurakçylyk Sebäpli Halka Çagyryş Edildi

Hökümetiň beren beýanatynda Fransiýanyň bütin ýurtda görülýän uzak dowam eden gurakçylygy başdan geçirýändigine we onuň ýurduň şu günki güne çenli bellige alynan “iň agyr” gurakçylykdygyna üns çekildi.

Beýannamada Premýer-ministr Born fransuzlary suwy “iňňän tygşytly” sarp etmäge çagyrýar.

“Adatdan daşary gurakçylygyň” birnäç şäheri suwdan mahrum edendigine üns çekilýän beýannamada, ýurtdaky daýhanlar, ekoulgam we bioköpgörnüşlilik taýdan “pajyga” bolup durýandygy nygtalýar.

Beýannamada Fransiýada ýitgi çekilmegine sebäp bolan gurakçylyk sebäpli ministrliklerara krizis toparynyň döredilendigi habar berilýär.



Degişli Habarlar