Galla Ýüklenen Gämiler Ukrainadan Ugrady

Panamanyň, Maltanyň we Türkiýäniň baýdagyny göterýän gämileriň Ukrainadan ugrandygy habar berildi

1864019
Galla Ýüklenen Gämiler Ukrainadan Ugrady

Milli Goranmak ministrligi, mekgejöwen ýüklenen Panamanyň, Maltanyň we Türkiýäniň baýdagyny göterýän gämileriň Ukrainadan ugrandygyny habar berdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Ukrainadan Irlandiýa gitjek 33 müň tonna mekge-jöwen alyp giden Panamanyň baýdagyny göterýän Nawystra atly gämi Odessa portundan ugrady.

Gämi Stambulyň demirgazygynda Bilelikdäki Utgaşdyryş merkezi tarapyndan barlanar.

13 müň tonna mekge-jöwen alyp giden ikinji gämi Ukrainadan Britaniýa gitmek üçin Çernomorsk portundan ugrady.

Maltanyň baýdagyny göterýän Rožen atly gäminyň ugry hem Bilelikdäki Utgaşdyryş merkezi tarapyndan gözegçilik edilýär.

Ukrainanyň Çernomorsk portundan ugran Türkiýäniň baýdagyny göterýän Polarnet atly gämi bolsa 12 müň tonna mekge-jöwen bilen Karasuwa geler.


Etiketkalar: #mekgejöwen , #Ukraina , #galla

Degişli Habarlar