Aşa Yssy Howalar Ýewropa Ýurtlaryna Ýaramaz Täsirini Ýetirmäge Dowam Edýär

Howanyň ýylylygynyň 45-gradusa çenli baryp ýetendigi sebäpli geçen aý müňlerçe adam ýogaldy.

1864161
Aşa Yssy Howalar Ýewropa Ýurtlaryna Ýaramaz Täsirini Ýetirmäge Dowam Edýär

Ýewropada käbir ýurtlarda howanyň ýylylygynyň 45-gradusa çenli baryp ýetendigi sebäpli geçen aý müňlerçe adam ýogaldy.

Britaniýada we Germaniýada iýul aýynda howanyň ýylylygy 40 gradusa çenli baryp ýetdi.

Aşa yssy howa sebäpli iýul aýynyň ortasynda Ýewropa ýurtlarynda ýogalanlaryň sany artdy.

Germaniýada yssy howa sebäpli 3 müň adam, Britaniýada bolsa 1080 adam ýogaldy.

Howanyň ýylylygy Ispaniýada we Portugaliýada bolsa 45 gradusa çenli baryp ýetdi.

Iýul aýynyň ortasynda Ispaniýada yssy howa sebäpli 2 müň 700, Gollandiýada bolsa 559 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar