Peskow Galla Eksporty Ylalaşygy Hakynda Beýannama Berdi

Dmtriý Peskow paýtagt Moskwada jurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

1863805
Peskow Galla Eksporty Ylalaşygy Hakynda Beýannama Berdi

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow; “Ukrainanyň portlaryndaky gallanyň eksport edilmegini ýola goýmak üçin döredilen bu mehanizm, bir gezeklik tapgyr üçin döredilmedi. Biz onuň şol bir netijelilik bilen işlemegini tama edýäris” diýdi.

Dmtriý Peskow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-niň arasynda 22-nji iýulda gol çekişilen galla eksporty hakyndaky ylalaşyk boýunça maglumat berdi.

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterrişiň ylalaşygyň gazanylmagynda iňňän möhüm pozisiýa eýeländigini nygtan Peskow; “Ylalaşyk ähli taraplaryň bähbitlerine laýyklykda iň agyr meseleleriň nähili çözüljekdigine iň gowy mysal. Elbetde Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň şahsy taýdan goşan uly goşandyny nygtasym gelýär. Bu ylalaşyk gepleşikleriň geçirilmegi boýunça nusgawydyr” diýdi.

Peskow ylalaşygyň bir gezeklik tapgyry öz içine almaýandygyny nygtap; “Ukrainanyň portlarynda duran gallanyň eksportuny ýola goýmak üçin döredilen bu mehanizmiň şol bir netijelilikde işlemegini tama edýäris” diýdi.

Prezident Erdoganyň ertir Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygy hakynda-da durup geçen Peskow, liderleriň galla eksporty hakynda-da pikir alşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Siriýadaky we Ukrainadaky ýagdaýlar boýunça pikir alyşylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdan Peskow, Garabagdaky soňky wakalaryň hem ertirki duşuşykda seljeriljekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar