Russiýa Beýik Britaniýanyň 39 raýatyny sanksiýa sanawyna aldy

Russiýa aralarynda Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer ministri Dewid Kemeron bilen birlikde Beýik Britaniýanyň 39 raýatyna ýurda girmek gadagançylygynyň girizilendigini habar berdi

1862461
Russiýa Beýik Britaniýanyň 39 raýatyny sanksiýa sanawyna aldy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Beýik Britaniýanyň Russiýanyň syýasy, ykdysady we mediýa wekillerine garşy sanksiýa girizendigi ýatladyldy. 

Şol sebäpli Beýik Britaniýanyň käbir syýasatçylaryndan, işewür adamlaryndan we žurnalistlerinden ybarat 39 adamyň sanksiýa sanawyna alynandygy bellenen beýanatda, ady sanawda bolan adamlaryň Russiýa girmegine garagançylyk girizilendigi habar berildi. 

Beýanatyň ahyrynda bolsa sanksiýa sanawyna alynan 39 adamyň ady çap edildi. 

Sanawda Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer ministri Dewid Kemeron hem bar. 



Degişli Habarlar