Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy geçirilen operasiýada 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1861649
Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Ýurtda terrorçylara garşy geçirilýän "Hadin Kai" atly operasiýanyň serkerdesi Kristofer Musa, Borno ştatynda Boko Harama garşy hem howadan hem-de gury ýerden operasiýanyň geçirilendigini mälim etdi. 

Operasiýada 60 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Musa, 120 terrorçynyň bolsa tussag edilendigini aýan etdi. 

Musa, operasiýanyň netijesinde Boko Haram tarapyndan 2014-nji ýylda mekdepleriň birinden zamun alan gyz okuwçylaryň ýene-de 3-siniň azat edilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar