BMG Gallanyň Howpsuz Eksporty Üçin Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

Martin Griffit, BMG-niň ABŞ-daky Ştab kwtartirasynda guralan metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

1861054
BMG Gallanyň Howpsuz Eksporty Üçin Türkiýä Sagbolsun Aýtdy

 

BMG-niň baş sekretarynyň Ynsanparwer işlerinden jogapkär orunbasary Martin Griffit, BMG-niň ABŞ-daky Ştab kwtartirasynda guralan metbugat ýygnagynda çykyş etdi.Griffit, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşi sebäpli Gara deňizden çykarylmaýan galla önümleriniň halkara bazarlara ýetirilmegini üpjün etjek “Stambul Galla Ylalaşygynyň” gazanylmagy üçin uly tagalla eden türk resmilerine sagbolsun aýtdy.

Türkiýäniň Ukrainanyň portlaryndan howpsuz galla eksporty üçin eden tagallalaryna ünsi çeken Griffit; “Türkiýe we harby goşunlary bilen bilelikde Stabuldaky bilelikdäki Utgaşdyryş merkzinde oturmak biziň üçin iňňän möhüm. Türkiýe we türk goşuny bu gepleşikleriň merkezinde durdy we 3 aýlyk möhletde ençeme gepleşikler geçirdiler” diýdi.

Gara deňizden howpsuz azyk gatnatmagyň ýola goýulmagy üçin 22-nji iýulda Stambulda, Prezidentiň Dolmabahçe köşkündäki ofisinde Prezident R.T.Erdogan bilen BMG-niň baş Sekretary Antuniu Guterrişiň öňünde Ukraina we Russiýa bilen “Stambul Galla Ylalaşygyna” gol çekişilipdi.

Gara deňizden galla önümleriniň howpsuz çykarylmagy üçin döredilen bilelikdäki Utgaşyklyk merkezi 27-nji iýulda Stambuldaky Milli goranmak uniwersitetiň şäherçesinde işe girişipdi.



Degişli Habarlar