Eýran Atom Desgasynda Täze Ýadro Ylmy-Barlag Reaktorunyň Guruljakdygyny Habar Berdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA-nyň” mälim etmegine görä Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň Başlygy Muhammed Islami, Yspyhan welaýatyndaky urany baýlaşdyryş desgasyna baryp gördi.

1860613
Eýran Atom Desgasynda Täze Ýadro Ylmy-Barlag Reaktorunyň Guruljakdygyny Habar Berdi

Ol ýerde beren beýannamasynda täze bir ýadro ylmy-barlag reaktorunyň guruljakdygyny habar beren Islami, beýleki reaktorlaryň ýangyç desgalary üçin guruljak ylmy-barlag reaktorunyň ýurduň esasy atom desgalaryndan biri bolan Yspyhan ýadry tehnologiýa merkezine degişli boljakdygyny beýan etdi.

Taslamanyň “dolulygyna ýerlidigini” aýdan Islami, ýurdunyň ýadro maksatnamasyny ösdürmek üçin ýerli beketleriň ukybyny ýokarlandyrmak isleýändiklerini we esasanda ýurduň günortasynda täze ýadro desgalary üçin amatly ýerleriň bardygyny aýtdy.



Degişli Habarlar