“Ysraýyl Konstruktiw Däl we Taraply Diskurs Bilen Çykyş Edýär”

Russiýanyň Ysraýylyň Ukraina meselesinde “konstruktiw däl” we taraply” diskurs bilen çykyş edýändigini beýan etdi.

1859632
“Ysraýyl Konstruktiw Däl we Taraply Diskurs Bilen Çykyş Edýär”

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Mariýa Zaharowa sosial media kanalyna beren beýanatynda, Ysraýylyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa we Ukraina söweşin boýunça eýeleýän poziýasy hakynda garaýyş beýan etdi.

“Russiýa bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň öz-özünden ýaramazlaşýandygyny” beýan eden Zaharowa; “Gynansagam, soňky aýlarda resmi Tel-Awiw tarapyndan berilen beýannamalarda konstruktiw däl we iň esasysy taraply diskurslary eşitdik. Ol biziň üçiň düşnüksiz we geň galdyryjydy. Sebäbi Ysraýyl, diaspora, hem Ukraina hem-de Russiýa bilen gatnaşyklara degişli bolmagy taýdan şertlere doly göz ýetirmelidi” diýdi.

Ysraýylyň Russiýa garşy pozisiýa eýeleýändigine we diňe Ukrainany goldaýandygyna ünsi çežen Mariýa Zaharowa, “onuň günbataryň geň we wagşy sesine utgaşyklydygyny we käbir soraglary ýüze çykarandygyny” nygtady.



Degişli Habarlar