“Ukrain Güýçlerine Zarba Urmaga Dowam Edýäris”

Igor Konaşenkow, rus güýçleriniň Ukrain söweşinde ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

1860293
“Ukrain Güýçlerine Zarba Urmaga Dowam Edýäris”

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainanyň Dnipro sebitinde Amerika tarapyndan öndürlen 100-den gowrak topçu raketa ulgamynyň hatardan çykarlandygyny aýtdy.

Igor Konaşenkow, rus güýçleriniň Ukrain söweşinde ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

Rus goşunynyň Ukrainadaky harby hüjümlerini dowam etdirýändigini nygtan Konaşenkow, Mikolaýiw şäherinde Ukrainanyň ýaragly güýçlerine degişli harby merkeze ýaragly hüjüm gurandyklaryny we hüjümde 200 esgeriň ýogalandygyny, 20-den gowrak harby enjama zeper ýetirlendigini ýatlatdy.

Konaşenkow, rus howa güýçleriniň 24-nji iýulda Dnipro sebitinde ýarag ammaryny hatardan çykandygyny, harby merkezi goraýan 120-ä golaý esger bilen köp sanly daşary ýurtly hakyna tutma esgeriň ýogalandygyny belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi İgor Konaşenkow, “24-nji fewraldan bäri Ukraina degişli 260 uçar, 145 dikuçar, 1622 uçarmansyz howa ulagy, 358 howa goranyş ulgamy, 4 müň 167 tank we sowutly ulag, 763 raketa, 3 müň 203 gaubisa we 4 müň 494 harby ulag hatardan çykaryldy” diýdi.



Degişli Habarlar