Eýran: "Ýadro ylalaşygynda çözüwe ýetmek üçin ABŞ-nyň ädim etmegi gerek" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, ýurdunyň ýadro gepleşiklerinde gowy, güýçli we hemişelik bir ylalaşyga taýardygyny habar berdi

1856748
Eýran: "Ýadro ylalaşygynda çözüwe ýetmek üçin ABŞ-nyň ädim etmegi gerek" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde ýadro gepleşiklerinde oňyn netijeli bir ylalaşyga taýardyklaryny aýdan Abdullahiýan: "Eýranyň hökümediniň gowy, güýçli we hemişelik bir ylalaşyga gelmek babatyndaky ygtyýarynda hiç hili şübhe ýokdyr. ABŞ-nyň hökümediniň çürt-kesik ýagdaýda ädim etmegi gerek" diýip habar berdi. 

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel bolsa Eýranyň ýadro ylalaşygy üçin dowam etdirýän tagallalaryndan hoşaldyklaryny mälim etdi. 

Borrel: "Eýýäm ençeme aý dowam edýän tagallalaryň netijesiniň boljakdygyna ynanýaryn. Eýran bilen ABŞ-nyň çemeleşmelerini ýakynlaşdyrmak we bir ylalaşyga gelmegi üçin iş alyp barmaga dowam ederin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar