Iki Rus Harby Gämisi Alžire Bardy

Russiýa bilen Alžir noýabr aýynda Ortaýer deňizinde birlikde harby manýowr deňiz türgenleşigini geçiripdi.

1856158
Iki Rus Harby Gämisi Alžire Bardy

Russiýanyň Garadeňiz flodyna degişli 2 harby gämi, iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy maksady bilen Alžire bardy.

Alžiriň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Russiýanyň Garadeňiz flodyna degişli harby gämiler Alžir portuna geldi” diýildi.

Ady agzalýan gämileriň iki günüň dowamynda Alžirde galjakdygy nygtaldy.

Beýannamada, “Gämiler iki ýurduň harby goşunynyň arasyndaky utgaşyklygyň güýçlendirilmegi we tejribe alyşmak maksady bilen Alžire geldi” diýildi.

Russiýa bilen Alžir noýabr aýynda Ortaýer deňizinde birlikde harby manýowr deňiz türgenleşigini geçiripdi.

Alžir, Russiýanyň Afrikadaky esasy hyzmatdaşlaryndan biri we şol bir wagtda hem sebitde rus ýaraglaryny satyna alýan esasy ýurt hökmünde bilinýär.

 


Etiketkalar: #harby gämi , #Alžir , #Russiýa

Degişli Habarlar