24-nji Fewraldan Bäri Rus Goşunyndan 37 Müň 570 Esger Ýogaldy

Ukraina, rus goşunynyň fewral aýynyň 24-i bilen iýul aýynyň 13-i aralygynda çeken ýigtisi hakynda maglumat berdi.

1854997
24-nji Fewraldan Bäri Rus Goşunyndan 37 Müň 570 Esger Ýogaldy

Ukraina, rus goşunyndan söweşiň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri 37 müň 570 esgeriň ýogalandygyny habar berdi.

24-nji fewraldan bäri 217 uçaryň, 188 dikuçaryň we 1649 tankyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berlen beýannamada, rus goşunynyň fewral aýynyň 24-i bilen iýul aýynyň 13-i aralygynda çeken ýigtisi hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, rus goşunyndan soňky 24 sagatda ýene-de 100 esgeriň ýogalandygy nygtaldy.

Beýannamada, rus goşunyndan 37 müň 570 esgeriň ýogalandygy, ruslara degişli 217 uçaryň, 188 dikuçaryň,1649 tankyň, 3 müň 832 sowutly ulagyň, 839 topuň, 247 raketanyn we 109 howa goranyş ulgamynyň hatardan çykarlandygy bellenildi.

Ruslar tarapyndan atrylan 155 raketanyn hem Ukrainanyn howa güýçleri tarapyndan hatardan çykarlandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar