Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Družkowka şäherine garşy Russiýanyň goşuny tarapyndan guralan howa hüjümleriniň netijesinde bir söwda merkezi ýumruldy we binalara zeper ýetdi

1854165
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainanyň Lugansk sebitindäki Lisiçansk şäherini geçen hepde dolulygyna gözegçilik astyna almagy we front liniýasynyň Slawýansk we Bahmut şäherlerine golaýlaşmagy bilen Kramatorsk we Družkowka şäherlerine garşy hüjümler artdy. 

Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Družkowka şäherine garşy Russiýanyň goşuny tarapyndan 4 raketa bilen hüjüm guraldy. 

Družkowka şäheriniň Polisiýa gullugynyň müdüri Dimitro Kidriapkin ýerli wagt bilen sagat 05:00 töweregi Russiýanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan atylan raketalaryň şäheriň merkezine degendigini mälim etdi. 

Front liniýasynyň indi şähere golaýlaşmagy bilen Russiýanyň goşuny tarapyndan guralan howa hüjümleriniň sanynyň barha artmaga başlandygyny aýdan Kidriapkin: "Russiýanyň basyp alyjy güýçleri tarapyndan 4 raketa atyldy" diýip aýan etdi. 

Hüjümleriň şu gün irden guralandygy üçin hiç kimiň ýaralanmandygyny aýdan Kidriapkin: "Raketalaryň biri ynsanperwer kömek merkezine degdi. Adamlar ol ýerden diňe kömek alýardy" diýip belledi. 

Kidriapkin, beýleki raketaly hüjümleriň netijesinde bolsa şäherdäki bir söwda merkezine we beýleki binalara zeper ýetendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar