Lawrow: "Günbatar ýurtlary Ukrainada asuda ilatyň ölüminden jogapkär" diýdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Günbatar ýurtlarynyň Ukrainanyň Donbass we beýleki sebitlerinde asuda ilatyň ölüminden jogapkärdigini beýan etdi

1852853
Lawrow: "Günbatar ýurtlary Ukrainada asuda ilatyň ölüminden jogapkär" diýdi

Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherine sapar guran Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Wýetnamyň Daşary işler ministri Bui Thanh Son  bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Günbatar ýurtlaryň Ukrainadaky söweş sebäpli Russiýa garşy sanksiýa girizendigine ünsleri çeken Sergeý Lawrow, Wýetnamyň şol sanksiýalara goşulmandygyny we oňa ähmiýet berýändiklerini mälim etdi. 

Russiýanyň Belgorod we Kursk şäherlerine garşy hüjümleriň guralmagy meselesiniň üstünde durup geçen Lawrow, Ukrainanyň hökümediniň Russiýanyň goşunynyň Günbatar ýurtlary tarapyndan Ukraina berilýän ýarag üpjünçiligini duruzmak üçin öz şäherlerine hüjüm gurandygy baradaky beýanaty barada: "Olar ýalan sözleýär. Onuň bilen baglanşykly hereketler bilinýär we şol hereketler, Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan her gün aýan edilýär" diýip belledi. 

Sergeý Lawrow: "Günbatar ýurtlary esasan hem Donbass sebitinde we Ukrainanyň beýleki sebitlerinde asuda ilatyň öldürilmeginden jogapkärdigini bilmelidir. Resmi Kiýew, Günbataryň beren ýaraglary ol ýerde gorkuzmak enjamy hökmünde, asuda ilata garşy ulanýar. Bu döwlet terrorydyr" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar