Kowid-19 epidemiýasy dünýä derejesinde ýaýbaňlanamaga dowam edýär

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy soňky 2 hepdede dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasyna (Kowid-19) ýolugan adamlaryň sanynyň 30 göterim ýokarlandygyny habar berdi

1853049
Kowid-19 epidemiýasy dünýä derejesinde ýaýbaňlanamaga dowam edýär

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasnyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki merkezinde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus koronawirus epidemiýasy bilen bagly soňky maglumatlary paýlaşdy. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň dünýädäki 6 sebitiniň 4-inde soňky hepdelerde artyşyň hasaba alynandygyny belläp: "Soňky 2 hepdede global derejede Kowid-19 hadysalary, ondan ozalky hepdelere garanyňda takmynan 30 göterim artdy" diýip habar berdi. 

Kowid-19 hadysalaryndaky şol artyşlara garşy global we milli derejede ädimleriň edilmelidigini aýdan Gebreýesus: "Hökümetler, alymlar, sanjym öndürijiler, BSGG we raýatlar öz üstüne düşýän wezipäni etmeli" diýip belledi. 



Degişli Habarlar