Russiýa BMG-nyň wekiliýetiniň Kryma girmegine rugsat bermedi

Russiýa 2014-nji ýylda anneksiýa eden Kryma, sebitdäki adam hukuk ýagdaýyny derňemek isleýän BMG-nyň wekiliýetiniň girmegine rugsat bermedi

1852435
Russiýa BMG-nyň wekiliýetiniň Kryma girmegine rugsat bermedi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň BMG-nyň Adam hukuklary geňeşine hödürlenen "Ukrainanyň eýýäm ençeme wagt bäri anneksiýa astynda bolan Krym Awtonom Respublikasynda we Sewastopol şäherinde adam hukuklarynyň ýagdaýy" temaly habarnamasynda sebitiň soňky ýagdaýy gözden geçirildi. 

Krymda adam hukuklarynyň düzgün bozmalaryna sezewar galan adamlar bilen gönüden geçirilen söhbetdeşliklerden alynan maglumatlaryň esasynda taýarlanan habarnamada, jebir gören adamlaryň beren beýannamalarynyň tapawutly çeşmelerden tassyklanandygy beýan edildi. 

Russiýanyň goýan şertleriniň Krymda metbugat azatlygyna we maglumat elýeterliligine erbet täsir ýetirendigi bellenen habarnamada, Russiýanyň Krymda tapawutly syýasy garaýyşlaryň seslerini kesendigi aýan edildi. 

Krymda din we ynanç azatlygynyň hem basyş astyndadygy, Krymda ýaşaýan Ýehowanyň şaýatlary hristianlarynyň aşa topar hökmünde häsýetlendirilip işleriniň gadagan edilendigi mälim edildi. 

Şonuň bilen birlikde Kryma degişli Aluşta şäherinde ymamlaryň birine metjitde wagyz berendigi üçin pul jerimesiniň berilendigi habar berildi. 

BMG-nyň Krymda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň soňky ýagdaýyny gözden geçirmek üçin gözegçiliksiz elýeterlilik talabynyň Russiýa tarapyndan ret edilendigi, şol sebäpli Kryma girip bilmändigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar