Baýden Türkiýä F-16 Uçarlarynyň Satuwyny Goldaýar

Ak Tamyň metbugat Sekretary Karin Žan-Pýer Türkiýä F-16 uçarlarynyň satuwy bopýunça birnäçe aýdan bäri gepleşikleriň geçirilýändigini we Prezident Jo Baýdeniň ony goldaýandygyny beýan etdi.

1852607
Baýden Türkiýä F-16 Uçarlarynyň Satuwyny Goldaýar

Žan-Pýer geçiren mertbugat ýygnagynda Demokrat partiýanyň Kongresmenleriniň Jo Baýdeniň Prezident R.T.Erdogan bilen geçen hepde İspaniýanyň paýtagty Madritde NATO-nyň sammitinde geçiren duşuşygyndan soň F-16 uçarlarynyň satuwy boýunça beren oňyn beýanatlaryny tankyt etmegi hakynda durup geçdi.

F-16 boýunça gepleşikleriň birnäçe wagtdan bäri dowam edýändigine ünsi çeken Žan-Pýer; “F-16 meselesinde biziň pozisiýamyz açyk. Bu meseläni birnäçe aýdan bäri ara alyp maslahatlaşýarys. Baýden, bu talaby hakykatdan hem goldaýar. Ondan başga tazelik ýok” diýdi.

NATO-nyň Madritdäki sammitinde Prezident Erdogan bilen duşuşan Baýden, 30-njy iýunda geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýä F-16 uçarlarynyň satylmalydygyny, şonuň üçin ABŞ-nyň Kongressinden razylyk alyp biljekdiklerini adypdy.

Baýden ýygnakda; “Prezident Erdogana aýdanlarym, dekabr aýynda aýdanlarymdan tapawutsyz. Türkiýä F-16 uçarlary satylmaly we şol bir wagtda-da uçarlar döwrebaplaşdyrylmaly. Ol biziň bähbidimize däl. Dekabrdan bäri pozisiýamyzy üýtgetmändigimizi özünede aýtdym. Garşylygyň ýokdugyny we satmalydygymyzy aýtdym. Onuň üçin gerek bolan zat Kongressiň razylygy. Men ony aljakdygymyzy pikir edýärin” diýipdi.

 



Degişli Habarlar