Şoýgu: "Lugansk dolulygyna gözegçilik astyna alyndy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky Lugansk welaýatynyň territoriýasyny dolulygyna gözegçilik astyna alandygyny habar berdi

1851765
Şoýgu: "Lugansk dolulygyna gözegçilik astyna alyndy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Kremlde Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine maglumat berdi. 

Russiýanyň goşunynyň 19-njy iýundan bäri Lugansk Halk Respublikasynyň territoriýasyny gözegçilik astyna almak üçin üstünlikli operasiýa geçirýändigini aýdan Şoýgu, iki hepdäniň içinde Lisiçansk we Sewerodonetsk şäherleriniň golaýyndaky ýerlerde ýok ediş işlerini geçirendigini belledi. 

Sewerodonetsk, Zolotoýe, Gorskoýe Wolçeýarowka ýaly uly şäherler başda bolmak bilen 25 ýaşaýyş ýeriniň gözegçilik astyna alynandygyny aýdan Şoýgu: "Operasiýa düýn Lugansk Halk Respublikasynyň iň uly şäherleriniň biri bolan Lisiçansk şäheriniň azat edilmegi bilen tamamlandy. Işjeň hüjüm operasiýalarynyň netijesinde 670 ind kilometrlik sebit gözegçilik astyna alyndy" diýip habar berdi. 

Şol wagt aralygynda guralan hüjümleriň netijesinde Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň ýitgisiniň 5 müň 469 adamdygyny aýdan Şoýgu, şolardan 2 müň 218 adamyň ölendigini, 3 müň 251 adamyň bolsa ýaralanandygyny öňe sürdi. 

Sergeý Şoýgu Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Ukrainadaky operasiýalaryny dowam etdirýändigini belledi. 



Degişli Habarlar