Russiýa-Ukraina Söweşinde Ukrainaly 89 Türgen Bilen Türgenleşdiriji Ýogaldy

Zelenskiý, Halkara olimpida komitetiniň başlygy Tomas Bah bilen paýtagt Kiýewde duşuşdy.

1851448
Russiýa-Ukraina Söweşinde Ukrainaly 89 Türgen Bilen Türgenleşdiriji Ýogaldy

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Halkara olimpida komitetiniň başlygy Tomas Bah bilen paýtagt Kiýewde duşuşdy.

Zelenskiý duşuşykda, söweşde 89 türgen bilen türgenleşdirijiniň ýogalandygyny, ýüzlerçe sport zalynyň Russiýa tarapyndan bombalandygyny belledi.

Zelenskiý “Türgenlerimiz frontda ýurdumyzy goramak üçin söweşýär” diýdi.

Halkara olimpida komitetiniň başlygy Tomas Bah bolsa söweşe garamazdan Ukrainanyň 2024 olimpiadalaryna gatnaşmagy üçin ähli taraplaýyn kömek berjekdiklerini aýtdy.

Halkara olimpida komiteti şol çäkde Ukraina berýän kömegini 2,5 million dollardan 7,5 million dollara çykarar.

Halkara olimpida komitetiniň başlygy Tomas Bah, russiýaly we belarusly türgenleriň guramaçylyga gatnaşmagyny islemeýändiklerini belledi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar