Daniýada guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy

Soren Thomasse, köp sanda adamyň bolsa ýeňil ýagdaýda ýaralanandygyny aýan etdi

1851542
Daniýada guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy

Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherindäki söwda merkezleriniň birinde düýn guralan ýaragly hüjümde 3 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň bolsa agyr ýagdaýda ýaralanandygy mälim edildi. 

Kopengageniň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Soren Thomasse, ýaragly hüjümde 3 adamyň ýogalandygyny, 2-si Şwesiýanyň raýaty bolmak bilen jemi 4 adamyň bolsa agyr ýagdaýda ýaralanandygyny habar berdi. 

Soren Thomasse, köp sanda adamyň bolsa ýeňil ýagdaýda ýaralanandygyny aýan etdi. 

Hüjümçiniň gysga wagtda saklanandygyny aýdan Soren Thomasse, hüjümiň terrorçylykly aksiýa bolmandygyny beýan etdi. 

Daniýanyň Premýer ministri Mette Frederiksen çap eden gynanç ýüzlenmesinde: "Dogan-garyndaşlary ýogalan adamlara tüýs ýüregimden gynanç bildirýärin. Daniýalylary bu kyn pursatda bir ýerde durmaga we biri-birlerine goldaw bermek üçin höweslendirmek isleýärin" diýip habar berdi. 

Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäheriniň Amager etrabynda ýerleşýän "Field's" atly söwda merkezinde düýn ýaragly hüjüm guralypdy. Wakadan soň saklanan hüjümçiniň 22 ýaşyndadygy we asly Daniýalydygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar