Awstraliýanyň Premýer-ministri Ukraianada Saparda Boldy

Entoni Albaneze, Ukraina guran saparynyň çäginde, Ukraina berilýän harby kömegiň artdyrylmagy barada söz berdi.

1851420
Awstraliýanyň Premýer-ministri Ukraianada Saparda Boldy

Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albaneze, Ukraina guran saparynyň çäginde, Ukraina berilýän harby kömegiň artdyrylmagy barada söz berdi.

BBJ-niň habaryna görä, Albaneze garaşylmadyk ýagdaýda Kiýewe bardy we Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

Prezident köşgünde metbugata beýannama beren Albaneze, söweşiň näçe wagt dowam etjekdigine garamazdan ýurdunyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albaneze ýurdunyň Ukraina berýän harby kömegini artdyrjakdygyny nygtady.

Awstraliýanyň Ukraina soňky gezek 100 million dollarlyk kömek berendigi we şol kömegiň uçarmansyz howa ulaglary bilen 34 sany sowutly ulagy öz içine alýandygy ýatladyldy.

Awstraliýa, Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan söweşinden bäri Ukraina jemi 390 million dollarlyk kömek berdi.

 



Degişli Habarlar