NATO-nyň gündogar ganatyndaky esgerleriniň sany 10 müňe ýetdi

Russiýanyň Ukraina hüjüm guramagyndan soň NATO-nyň gündogar ganatyndaky söweşjeň harby birikmelerindäki esgerleriniň sany 2 esse artyp, 10 müňe ýetdi

1849366
NATO-nyň gündogar ganatyndaky esgerleriniň sany 10 müňe ýetdi

NATO gündogar ganatyndaky esgerleriň sany bilen bagly maglumatlary paýlaşdy. 

Şoňa laýyklykda Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başlatmagyndan soň sany 4-den 8-e ýetirilen köp milletli söweşjeň toparlarynda 9 müň 641 esger bar. Şol san ozal bolsa 4 müň esger töwerekdi. 

Gündogar ganatdaky söweşjeň toparlar söweşden ozal Latwiýa, Litwa, Estoniýa we Polşa döwletlerinde bardy. Hüjümiň başlamagyndan soň Bolgariýa, Wengriýa, Rumyniýa we Slowakiýa ýaly döwletlere hem ýerleşdirildi. 

Söweşe taýarlykly goýulan köp milletli harby birikmelere NATO agza 25 ýurt goşant goşýar. Iň köp esger üpjün eden Germaniýanyň 1315 esgeri Litwada we Slowakiýada ýerleşýär. 

Ondan soň gelýän ABŞ-nyň Polşada, Bolgariýada, Wengriýada we Rumyniýada 1165 esgeri, Beýik Britaniýanyň bolsa Estoniýada we Polşada 1122 esgeri bar. 



Degişli Habarlar