Ukraina Russiýanyň goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde ýogalan rus esgerleriň sanynyň 35 müňe ýetendigini mälim etdi

1848688
Ukraina Russiýanyň goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-27-nji iýun aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Berilen maglumata laýyklykda eýýäm 4 aý wagt bäri dowam edýän söweşde ýogalan rus esgerleriň sanynyň 35 müňe ýetendigi habar berildi. 

Ukrainanyň Baş ştaby tarapyndan berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy söweş başladan Russiýa degişli 35 müň esger öldürildi, 217 uçar, 184 dikuçar, 1552 taňk, 3 müň 687 sowutly ulag, 771 top ulgamy, 243 köp nilli raketa ulgamy we 101 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 575 ulagyny we 636 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Ukrainanyň Lugansk sebitindäki Sewerodonetsk şäherini basyp alan Russiýanyň harby güýçleri, artilleriýanyň kömegi bilen Lisiçansk şäherini günorta tarapdan gabamaga synanyşýandygy aýan edildi. 

Lisiçansk şäheri bilen Wolçoýariwkadaky harby we raýat infrastrukturasyna garşy howa hüjümleriniň guralandygy beýan edildi. 

Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Odessa sebitine garşy raketalar bilen guran hüjümlerinde bolsa 6 adamyň ýaralanandygy habar berildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriň ýogalandygy habar berilipdi. 



Degişli Habarlar