Salliwan Jo Baýdeniň Prezident Erdogan bilen NATO sammitinde duşuşyp biljekdigini habar berdi

Salliwan, G7 sammitiniň geçirilýän Germaniýada ABŞ-nyň metbugat işgärlerine beýannama berdi

1848809
Salliwan Jo Baýdeniň Prezident Erdogan bilen NATO sammitinde duşuşyp biljekdigini habar berdi

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň NATO sammitiniň çäginde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşmak ähtimallygynyň bardygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan, G7 sammitiniň geçirilýän Germaniýada ABŞ-nyň metbugat işgärlerine beýannama berdi. 

Ispaniýanyň paýtagty Madritde ertir başlajak NATO sammitiniň iň möhüm ugurlarynyň biriniň hem Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň alýansyň düzümine goşulmak tapgyrynyň boljakdygyny aýdan Salliwan, şol ugurda Türkiýäniň aýdýan meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny mälim etdi. 

Salliwan Prezident Erdogan bilen Baýdeniň arasynda bolmagy ähtimal duşuşyk bilen bagly bolsa: "Häzirki wagtda kesgitlenen bir meýilnama ýok. Emma öňümizdäki 24 sagadyň içinde nämeleriň boljakdygyna ser salalyň, käbir hereketler bar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar